Where Does the Homeland Begin - Watan nirden başlanýar
Eziz watan şirin jandan ybarat,
Damarda gaýnaýan gandan ybarat.
Watan iň gadymy dini türkmeniň,
Eziz watan mydam saňa ybadat.
Türkmen watan bilen diridir diri,
Şu watana eýläň mydam ybadat.
Bäş müň ýyl, on müň ýyl, ýüz müň ýyl bäri,
Yssysy dogadyr aýdyma saza.
Türkmen watan bilen diridir diri,
Ölse watan parçasyna öwrülýär.
Watan türkmenleriň kalbynyň nury,
Oýlanýaryn watan nirden başlanýar?
Watan uzyn-gije kirpigin çalman,
Serhediň sak esgerinden başlanýar.
Daňdan minarada şanyna allahyň
Çykýan azan seslerinden başlanýar.
Başlanýar pygamber sanyp atasyn,
Oguz hanyň alty gerçek oglundan.
Başlanýar dünýä deý uly watanym
Atarman-çaparman huwundan-kowmundan.
Är ýigitler eziz watanyň şiri
Nije ýyl oguzy doga deý saklan.
Her türkmen watanyň algyry, şiri,
Bäş gün gitseň gursagyňda ýer tapman.
Watan beýik geçmişden hem geljekden,
Asmandan, keremli ýerden başlanýar.
Watan ata çykan ýowuz gerçekden,
Togalanyp düşen serden başlanýar.
Pyragynyň böwendinden başlanýar,
Daňdanakan söweşinden başlanýar.
Kyrk mesgende ýalňyz sygryny soýan,
Jygalybeg söweşinden başlanýar.
Watan türkmen namysyndan başlanýar,
Göroglynyň namysyndan başlanýar.
Ýat illerde watan perýadyn çeken,
Mysapyrlaň namysyndan başlanýar.
Watan kasamymdan, tylla gerbimden,
Parlap duran baýdagymdan başlanýar.
Garaşsyz bitarap beýik ýurdumda
Tutulýan toý-baýramymdan başlanýar.
Synla, watan öz edermen nesliňi,
Olar togap eder dyza çökerler,
Watan türkmenleriň mukaddes ýeri
Diňe alla bardyr senden ýokarda!
Türkmen watan bilen diridir diri!
Comments
Post a Comment